Lukmançylyk awiasiýasy: pediatriýa hassasyny äkitmek

Медицинская авиация: транспортировка пациента педиатрии

Pediatriýa hassasyny äkitmek lukmanlaryň gözegçiligi astynda tiz kömegi talap edýär. Bu görnüşli hyzmatlar uzak aralyga äkidilende ýörite gözegçilige mätäç agyr keselli we şikesli çagalar üçindir.

Pediatriýa hassasyny gatnatmagy guraýan  kompaniýalara ýüz tutulanda esasy nämelere üns bermeli?

Bu kompaniýa kiçijik hassany gerekli ýerlere akitmäge, awiasiýa äkidilmesinde we ýerde hyzmatlaryň üýtgewsiz ýokary derejesini saklamaga, gaýragoýulmasyz pediatrik kömeginiň ähli görnüşlerini bermäge taýýar bolmalydyr.

Awiaäkidiji çagalar boýunça gaýragoýulmasyz kömegi berip biljek hünärmen bilen üpjün edip bilmese, özüňi nähili alyp barmaly?

Hemişe hassa çagalary gatnatmakda ýöriteleşen kompaniýalary, agentleri, araçylary saýlamaly. Hatda hassalary pediatrik äkidilmesiniň elýeter däl ýerinde hem, gaýragoýulmasyz kömek bölümleriniň ählisi esasy we giňeldilen zerurlyklary ýerine ýetirip biljek lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen bolmalydyr.

Hossar çaganyň ýanynda galyp bilermi?

Медицинская авиация: транспортировка пациента педиатрии

Hossaryň (ene-atanyň, ýakyn garyndaşyň) çaganyň ýanynda uçuşyň dowamynda bolmagy adaty zatdyr. Şonda-da çaganyň keseline baglylykda gerek bolan howpsuzlyk çäreleri alnyp barylmalydyr. Birinjiden, çagada ilkinji ýeňil, ýagny, gyzdyrmak we gusmak ýaly alamatlar peýda bolanda hossar ellik, örtük şeýle hem  syzdyrmaýan halady geýmek bilen  çaganyň ýanynda galyp biler. Öň bu zatlary geýip görmedik adama daşyndan goşmaça kömek gerek bolmagy mümkin. Çaganyň biologik suwuklyklary tarapyndan kesel ýokuşmak töwekgelligi bar bolanda, bejergi alynjak hassahana uçuşyň dowamynda hossara çaganyň ýanynda galmaklyk rugsat edilmeýär.

Işi tizleşdirmek üçin näme etmeli?

Transferi tizleşdirmek üçin jogapkär şahsa (ene-ata) çaga tiz kömegi toparynyň gelmezinden öň ähli gerekli resminamalary doldurmak gerek. Keseliň taryhynyň nusgalary rentgenografiýa we magnit-rezonans tomografiýa ýaly rentgenologiýa gözegçilikleriniň geçirilendigi baradaky resminamalaryň skan edilen nusgalary bilen bilelikde bir jilte birikdirilip, çagany golaýdaky hassahana ýerüsti ýa-da awiasiýa bilen äkitjek topara gowşurylmalydyr.

Pediatriýa hassasy nähili äkidiler?

Äkidilmäniň iň laýyk görnüşi çaganyň ýagdaýyna we hassahananyň uzaklygyna laýyklykda saýlanar. Toparda pediatr ýa-da feldşer-neonatolog, şepagat uýasy we gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini berjek hünärmenler bolarlar. Mümkin görnüşler:

Медицинская авиация: транспортировка пациента педиатрии

  • pediatrik enjamlary bolan ýörite abzallaşdyrylan ýerüsti tiz kömek gullugy,
  • hassa çagalaryň awiaäkidilmesi gaty ganatly uçarlarda we hökmany lukmançylyk toparynyň gözegçiligi astynda amala aşyrylyp bilner. Dürli ýurtlaryň kanunlary kiçijik hassanyň äkidilip biljek maksimal uzaklygyny we howa gämisiniň görnüşlerini kesgitläp biler.

Syýahata nähili taýýarlanmaly?

Hassa we onuň maşgalasyna hassahanyny terk etmezlik maslahat berilýär, sebäbi hünärmenlere gitmezden ozal hassany äkitmäge maşgalasynyň razylygy gerek bolar.

Pediatriýa hassasynyň ýerleşýän ýerine barlandan soň, topar hossaryň çaganyň ýanynda galmaklygy ýa-da galmazlygy baradaky netijä gelýärler. Başga söz bilen aýdylanda, netije çaganyň ýagdaýyna bagly bolar.

Garaşylmadyk kynçylyklary döretmezlik üçin, çagany lukmançylyk uçaryna ýa-da dikuçaryna alyp barýan awtoulagyň yzyndan gitmek ene-ata maslahat berilmeýär.

Äkidilmäniň dowamynda çaga üçin indiwidual gorag serişdelerini ulanmak zerurlygy barmy?

Ýok çagalar ony ulanmaly däl. Bu serişdeler çaganyň organizminiň biologik suwuklyklary bilen daş-töwerekdäkileriň galtaşmasyny çäklendirmek üçin taýýarlanylan. Hakykat-da indiwidual goragyň serişdeleri çaganyň bejergisini kynlaşdyryp biler, şonuň üçin beýle çäreleri alyp barmak maslahat berilmeýär.

Ulag serişdeleriniň we enjamlaryň sanitar taýýarlanmalary nähili?

Zyýansyzlandyrmak enjamlarynyň elýeter däl ýerinde, lukmançylyk toparynyň ulagy we enjamlary dezinfeksiýa etmek üçin serişdeleri bolmalydyr. Eger toparda beýle hünärmen bolmasa, onda daşky hünärmenlere ýüz tutmaly.  Keselli çagany ýokanç keselleriň möwç alýan nokadyndan (mysal üçin, ebola) äkidilende bu çäreler has hem wajypdyr.

Медицинская авиация: транспортировка пациента педиатрии

Çagalary howpsuz şekilde äkitmegiň nähili görnüşleri bar?

Dürli ýurtlaryň ulag serişdeleri babatdaky Ministrlikleri hassalary awiasion we ýerüsti howpsuz gatnadylmalary üçin düzgünleri taýýarlaýarlar. Şeýlelikde, ýerüsti tiz kömek ulagynda hassanyň öz awtokürsisini ulanmak we soňra ony galyndylar bilen baglanyşykly gollanmalara laýyklykda dezinfeksiýa etmelidir. Eger zemmerler ulanylan bolsa, olary hem döwlet edaralary tarapyndan bellenen görkezmelere laýyklykda dezinfisirlemeli.

Ulag serişdesinde çagalary gatnatmak üçin ýörite enjamlar barmy?

Pediatrik izolirlenen ulag birligi – bu howanyň aýlanmagyny ýa-da otrisatel basyşy döretmäge ukyply enjamdyr. Sanitar awiasiýasy bilen meşgullanýan iri kompaniýalar şeýle enjamlary howa gämileriniň bortunda ýerleşdirýärler

Şoşina Olga

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *