helicopte prepares for training emergency aromedical evacuation course
avia-care2

lukmançylyk kömegi

Adatdan daşary ýagdaýda sanitar dikuçaryny çagyrmak ýa-da hassany äkitmek üçin uçar buýurmak onuň janyny halas etmäge kömek eder. Howa lukmançylyk kömegi – ýaralananlary hassahana äkitmegiň iň çalt ýoly.

Ýaralananlary we hassalary ewakuasiýa etmek we siziň şäheriňizde hassalary äkitmek, daşary ýurt klinikalaryna reýsleri gurnamak üçin lukmançylyk howa gämilerini hödürleýäris. Internet sahypasynyň ýa-da telefonyň üsti bilen ýüz tutup bilersiňiz. Dikuçar haýal etmän ýola düşer.

Lukmançylyk dikuçarynda gaýra goýulmasyz ewakuasiýa haýsy ýagdaýlarda gerek?

  • Şikesler, howply ýaralanmalar, himiki we termiki ýanmalar, döwükler,
  • Ýaşaýyş üçin gerekli organlaryň ýa-da damarlaryň zeperlenmegi, güýçli gan akmalar,
  • Aňyň, dem alşyň, gan aýlanma ulgamynyň bozulmasy,
  • Anafilaktiki şok,
  • Süýji keselinde giperglikemiýa,
  • Dürli häsiýetdäki çydap bolmajak fiziki agyrylar,
  • Sowuk almak, elektrotok urmak,
  • Bogulma, garaguş, öýken çişmesi,
  • Gipertoniýa
  • Hassanyň özüne we töweregindäkilere zeper ýetirip biljek ýagdaýynda psihiki näsaglyk,
  • Zäherlenme, peritonit,
  • Dogrum, göwreliligiň kesilip bilme howpy,
  • Insult, miokardyň infarkty,
  • Tromboemboliýa,
  • Ýiti bagyr we böwrek ýetmezçilikleri.

Lukmançylyk awiasiýasy

Lukmançylyk awiasiýasy diňe bir ululary däl eýsem çagalary hem gerekli kömek bilen üpjün eder. Çaga ýaralansa, çalasyn reaksiýa gerek, sebäbi ösüp gelýän organizmdäki prosesler doly gutarylmadyk.

Çaga gaýragaoýulmasyz lukmançylyk howa gämisiniň gerek ýagdaýlary:

  • Damar çekme,
  • Komaly ýagdaý,
  • Özünden gitme ýa-da şok ýagdaýy,
  • Duýdansyz ýürek-damar ýetmezçilikleri,
  • Süýji diabetinde giperglikemiýa,
  • Demgysma, stenozyň ähli görnüşleri,
  • Öýken çişmesi,
  • Bedeniň temperaturasy 40 gradusdan ýokary, infeksion gyzdyrmalar,
  • Bedende suw ýetmezçiligi, dyngysyz gusmalar.

Howa ewakusiýasiýasy hemişe hassalar üçin gerek bolmaýar. Ol çagany dünýä indirjek eneler üçin ýa-da kürsä bagly bolup galan maýyplar üçin hem gerek bolýar. Lukmançylyk dikuçary aşakdaky ýagdaýlarda hökmanydyr:

  • agyr göwrelilik,
  • duýdansyz gan akmalar,
  • tohumhalta suwlarynyň emboliýasy,
  • eklampsiýanyň başy,
  • kemli çaganyň dogulmasy.
Accident
avia-care1
aviacare6
avia-care

Tiz kömek gerekmi?

Häziriň özünde lukmançylyk howa gämisini çagyryň! Habarlaşmak üçin saýtymyzdaky maglumatlardan peýdalanyň!

Hassalaryň yzygider sanitar gatnadylmasy meýilnama boýunça ýerine ýetirilýär. Eger-de hassanyň keselini öz ýaşaýan ýurdunda bejerip bilmeseler, onda ony häzirkizaman enjamlar we dermanlar bilen üpjün edilen daşary ýurt hassahanasyna akidýärler.

Uçarly gatnadyş ýygy-ýygydan şu sebäpler boýunça ýerine ýetirilýär:

  • organlaryň we dokumalaryň kesip oturdylmasy,
  • onkologiýa keselleriniň bejergisi,
  • oftalmologik we neýrohirurgik operasiýalar,
  • süňk ýiliginiň transplantasiýasy,
  • daýanyş-hereket ediş ulgamynyň keselleriniň bejergisi,
  • kardiohirurgiýa,
  • hassanyň ýaşaýan ýurdunda bejergi alyp bolmaýan dürli ugurdaky agyr we ötüşen kesellerden saplanyş,

Käwagt şahsy uçarlary barjamly adamlar diňe bir kyn ýagdaýlarda däl-de, eýsem, başga şäherde lukmançylyk gözegçiliginden geçmek üçin ýa-da umumy saglygyny berkitmek üçin alýarlar. Lukmançylyk syýahatçylygy hem ýokary derejedäki indiwidual usuly we hyzmaty talap edýär.

Lukmançylyk ewakuasiýasy baradaky çözgütleri kim kabul edýär?

  • halas ediş gulluklarynyň işgärleri,
  • heläkçilige uçran ýerinde ejir çekeniň özi,
  • hassanyň hossarlary,
  • hassanyň bejergi alýan lukmany.

Gatnadyşyň görnüşleri

Sanitar awiasiýasy gatnatmanyň dürli görnüşlerini öz içine alýar:

Ejir çekeniň häzirki ýerleşýän ýerine lukmançylyk dikuçaryny çagyrmak – hassahana äkitmek.

Başga şähere ýa-da ýurda bejergi almak üçin şahsy uçary meýilnamalaýyn kireýine almak.

Reanimasiýa ulagy üçin ýük uçarynyň buýurmak.

Awiakompaniýanyň kadaly reýsleri bilen syýahat (ýönekeý uçaryň bortunda ýatylýan ýeri gurnamak).

aviacare5
cargo4

Sanitar awiagatnawynyň belli bir görnüşi gerekmi?

AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasy gerek bolan howa gämisini hödürlär we siziň syýahatyňyzy başdan-aýak gurnap berer.

  • Uçuşlaryň meýdançasy serhetsizdir. Biz dünýäniň islendik künjeginden gyssagly ewakuasiýalary amala aşyrýarys. Dikuçar dagyň, topragyň, suwuň, ýahtanyň, buzuň we garyň, binanyň üstüne gonup biler. Lukmançylyk uçarlarymyz dünýäniň islendik klinikasyna tarap uçmaga taýýardyrlar.
  • Lukmançylyk howa gämileri ýatan hassalary gatnatmak üçin iň gowy çykalgadyr. Uçarlaryň we dikuçarlaryň bortlarynda reanimasiýa we häzirkizaman enjamlar bolup, olar agyr hassanyň-da janyny gorap saklaýarlar we gerek bolan ýagdaýynda operasiýa etmäge hem mümkinçilik berýärler.

 

 

  • AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasy lukmançylyk reýsini gurnamakdan başga-da hassa we onuň ýanyndaky adamlaryň daşary ýurda gitmegi üçin wizany we ätiýaçlandyryş hatyny resmileşdirer, uçuşyň dowamynda gerek bolan hünärdäki lukman bilen üpjün eder ýa-da daşary ýurtdan hünärmeniň öýe gelmegini gurnar, daşlykdan konsultasiýa almana ýardar eder. Ýatan hassalary gatnatmaklyk hassada syýahatçylyga ters täsir döretmejek uçarlarda amala aşyrylýar.

Haýsy ýagdaýlarda lukmançylyk howa gämisi – halas ediş üçin ýekeje çykalga?

  1. Eger-de ýerüsti ulaglar bilen äkitmek hassanyň janyna howp salýan bolsa.
  2. Eger-de hassanyň ýagdaýy agyr bolup, her bir sekunt gerek bolanda.
  3. Eger-de hassa tiz kömek awtomobiliniň baryp bilmejek ýerinde ýerleşýän bolsa ( ýa-da bu gaty uzak wagt alsa).
  4. Eger-de heläkçiligiň göwrümi uly bolup, howa transportunyň goşmaça kömegine mätäç bolsa.
  5. Dürli görnüşdäki gyssagly ewakuasiýa üçin: himiki, radiasion, gidrodinamiki awariýalar we ş.m.

Lukmançylyk reýsini gurnamak

Hassalaryň howa üsti bilen gatnadylmasy AVIAV TM (Cofrance SARL)  kompaniýasynyň alyp barýan işleriniň esasy ugurlarynyň biridir. Lukmançylyk uçaryndan ýa-da dikuçaryndan peýdalanmagyň uly arykmaçylklary bar:

  • maksimal tizlik,
  • lukmançylyk brigadasynyň dogry we sazlaşykly işi,
  • bortda hassa üçin oňaýly şertler,
  • gizlinligi berk berjaý etmek,
  • uçuşlaryň ýokarlandyrylan howpsuzlygy,
  • awiakompaniýanyň gün tertibinden garaşsyz bolmak – indiwidual gün tertibi,
  • gonuş üçin dünýäniň ähli howa menzilleriniň elýeterligi,
  • dürli ugur boýunça lukmanyň bolmagy: reanimatolog, feldşer paramedik, neýrohirurg, akuşer-ginekolog, hirurg, kardiolog,
  • bortda häzirkizaman lukmançylyk enjamlary,
  • howa menzilinde bir minut hem säginmezlik,
  • hassanyň öz gutulmagyna ynanmagna kömek edýän sypaýyçylkly eserdeň gatnaşyk.

Sanawiasiýa – hassanyň umydyny durmuşa geçirjek, elýeterli häzrikizaman hyzmaty.

Näme üçin AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasy ýüz tutmaly?

  • Lukmançylyk awiasiýasynda 10 ýyldan gowrak tejribesi bolan fransuz kompaniýasy.
  • Bütindünýä ýüzi derejesindäki elýeterlilik – biziň dünýäniň 117 ýurdunda wekilýetimiz we tiz habarlaşmak üçin göni telefon belgilerimiz bar,
  • Uçuşlaryň 100% howpsuzlygy: AVIAV TM (Cofrance SARL) Wyvern Ltd., ARGUS International, Avinode ýaly öňdebaryjy halkara guramalarynyň agzasy.
  • Jaňlaryň häzirkizaman hyzmatlary: dikuçary online buýurmak ýa-da biziň tiz kömegimize gyssagly jäň edeniňizden birnçe minut soňra howa gämimiz diýen ýeriňize ugrar.
  • Buýurmanyň elýeterli düzgünleri: dikuçarlaryň nyrhyna hiç zat goşulmaz – awiadellal sanitar bazalryň nyrhlary boýunça işleýär.
  • Uçaryň gerek modelini saýlap bilmek mümkinçiligi ( syýahata öňünden taýýarlanylanda): dürli görnüşdäki howa gamileriniň 10 müňlerçesi.
  • Syýahaty hususy menejer bilen üpjün edýär.
  • Agyr hassalaryň gatnadylmasy “düşekden-düşege” amala aşyrylýar.
  • Ähli soraglar boýunça kömek edip biljlek gije-gündiz işleýän goldaw ulgamy.
  • Dünýäniň islendik hassahanasy bilen göni hyzmatdaşlyk. Islendik lukmançylyk guramasy bilen gyssagly habarlaşmak.

AVIAV TM (Cofrance SARL) ýüz tutuň – biz hökman kömek ederis!

aviacare7
cargo5